"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki uçuşlaryň sanyny artdyrdy hem-de welaýatlaryň arasyndaky ulag elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen täze ugurlary girizdi.
Iň köp uçuş amala aşyrylýan ugur Aşgabat – Daşoguz ugrudyr. Bu ugurda hepdäniň gününe baglylykda bir günde 7 gezek uçar gatnawy amala aşyrylar. Ikinji orunda bolsa her gün 6 gezek uçuş amala aşyrylýan Aşgabat – Türkmenabat ugry durýar.
Aşgabat – Mary ugry boýunça dürli wagtlar bilen 4 gatnaw, Aşgabat – Balkanabat ugry boýunça hem 4 gatnaw ýerine ýetirilýär. Şolaryň biri — T5-253 gatnawy her gün sagat 10:00-da uçýar. Aşgabat – Kerki ugry boýunça hem dürli wagt bilen 4 gatnaw meýilleşdirildi.
Täze tertipde esasy üýtgeşme — Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Balkanabat şäherleriniň arasynda göni ugurlaryň döredilmegi boldy. Bu ýolagçylara paýtagtyň üstünden geçmezden welaýat merkezleriniň arasynda syýahat etmäge mümkinçilik berýär.
Awiakompaniýa uçuşlaryň wagtlarynyň üýtgäp biljekdigini, käbir gatnawlaryň bolsa barjak ýerine ertesi gün ýetip biljekdigini duýdurýar. Şonuň üçin ýolagçylara syýahatlaryny meýilleşdirmezden ozal iň soňky uçuş maglumatlaryny barlamak maslahat berilýär.