Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan we Efiopiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňelderler

Türkmenistan we Efiopiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňelderler

1.665k
08 Awgust. 11:33

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde 7-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

 

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarda aýratyn ünsi jemläp ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde aýratyn orun eýeleýändigi bellediler. Şu nukdaýnazardan syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

 

Söhbetdeşler halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler? Hem-de Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

 

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Efiopiýa tarapy bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini we üstünligini aýratyn belläp geçdi.

 

Taraplar parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlara ygrarlydyklaryny mälim etdiler we hyzmatdaşlygy bu ugurda dowam etdirmäge ylalaşdylar. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýeti nygtaldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi