Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan we Katar söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Katar söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

1.545k
24 Iýul. 11:34

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň söwda işleri boýunça ministri Ahmet bin Mohammed Al-Said bilen duşuşyk geçirip, ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdy.

 

Gepleşikler Doha şäherinde geçirildi diýip, Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berýär. Duşuşykda türkmen diplomaty katar tarapyny Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilen tanyşdyrdy.

 

Ilçi Seýitmämmedow bu başlangyjyň ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şeýle hem ol Katarly hyzmatdaşlaryna Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreler barada maglumat berdi.

 

Türkmen tarapy hemişelik bitaraplygyň ýurduň daşary syýasatynyň esasgoýujy ýörelgesidigini nygtady.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok