Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan bilen Sloweniýa hyyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Sloweniýa hyyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny maslahatlaşdylar

1.975k
08 Awgust. 11:22

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 7-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Alenka Suhadolnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.

 

Taraplar türkmen-slowen gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlede, olar halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini bellediler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy.

 

Sloweniýa tarapy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen tarapyny Merkezi Aziýa bagyşlanjak çäreleriň biri bolan Bled şäherindäki Strategiki foruma gatnaşmaga çagyrdy.

 

Duşuşygyň gatnaşyjylary özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi