Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan we Özbegistan Köýtendag gerşini ÝUNESKO-nyň Sanawyna girizmek boýunça teklibi taýýarlaýarlar

Türkmenistan we Özbegistan Köýtendag gerşini ÝUNESKO-nyň Sanawyna girizmek boýunça teklibi taýýarlaýarlar

1.385k
21 Iýul. 09:57

Aşgabatdaky Daşky gurşawy goramak ministrliginde Türkmenistanyň Köýtendag we Özbegistanyň Surhan döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna bir bitewi serhetara bilelikdäki obýekti hökmünde hödürlenmegini taýýarlamaga bagyşlanan halkara duşuşyk geçirildi.

Çärä Germaniýanyň Mihael Zukkow gaznasynyň, ABŞ-nyň Conservation X Labs guramasynyň, Slowakiýanyň Speleologiýa jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň netijesi hökmünde Niýetnamalar baradaky Jarnama kabul edildi, Ýol kartasy tassyklanyldy we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Miras Konwensiýasynyň degişli bahalandyrma ölçegleri kesgitlenildi.

Obýekt “Köýtendag gerşiniň karstlary, gowaklary we kanýonlary” atly umumy at bilen ÝUNESKO-nyň Deslapky Sanawyna girizildi. Bu at sebitdäki geologik we biologik mirasyň aýratynlygyny açyp görkezýär. Taslama boýunça işler 2015-nji ýyldan bäri alnyp barylýar, onuň bilelikdäki görnüşine geçmegi bolsa halkara hünärmenleriň teklipleriniň netijesi boldy.

Köýtendag gerşi dinozawrlaryň yzlary, seýrek duşýan karst şekilleri, çuň gowaklar we kanýonlar bilen tanalýar. Şeýle-de, bu ýerdäki günbatar marhury, Buhara aýragy (dag goçy), bürgüt ýaly ýyrtyjy guşlary we diňe şu ýerde ýaşaýan täsin Köýtendag kör gowak balygyny goramak meselelerine aýratyn üns berilýär.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok