Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen maslahatda döwlet edaralarynyň we senagat kärhanalarynyň wekilleri Monreal protokolyň Kigali düzedişine laýyklykda gidroftoruglerodlaryň (GFG) ulanylyşyny azaltmaga gönükdirilen milli meýilnamalary maslahatlaşdylar.
Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi tarapyndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň wekili tarapyndan goldanylyp gurnaldy.
Maslahata dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem sowadyjy we kondisioner ulgamlary bilen meşgullanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurduň howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça täze taslamalar we hereketleriň meýilnamalary bilen tanyşdyryldy. Gatnaşyjylar ozon gatlagyna we howanyň ýagdaýyna zyýan ýetirmeýän täze nesliň sowadyjy serişdeleriň ulanylyşyna geçmegiň zerurdygyny bellediler. Bu bolsa enjamlary döwrebaplaşdyrmagy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy we hünärmenleri täzeden taýýarlamagy talap edýär.
Çykyş edenler täze sowadyjy serişdeler bilen, şol sanda ýangynly we zäherli serişdeler bilen işleşjek hünärmenleriň şahadatnamalaşdyrylmagynyň we ygtyýarnama berilmeginiň möhümdigini aýtdylar. Munuň üçin zerur enjam bilen üpjün edilen okuw merkezi Y. Kakayew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda döredildi.
Gepleşikleriň netijesinde sowadyjy serişdeleriň hasaba alynmagyny, Türkmenistanyň sowadyş bazarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny meýilleşdirmek weoňa gözegçilik etmek boýunça maglumatlary ýygnamagyň möhletleri kesgitlenildi.
Türkmenistan Kigali düzedişini 2020-nji ýylda tassyklady.



