Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan Minskde ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirdi

Türkmenistan Minskde ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirdi

784
24 Iýul. 10:26

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy 23-nji iýulda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirdi.

 

Minsk şäherinde geçirilen çärä Belarusda akkreditirlenen diplomatik we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, Belarusyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri we ýerli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

 

Maslahatyň dowamynda ilçi Nazarguly Şagulyýew çykyş edip, Türkmenistanyň bitaraplygynyň geçen 30 ýylyň dowamynda ýurduň milli özboluşlylygynyň binýadyna we Merkezi Aziýada sebitara dialogy ösdürmegiň, durnuklylygy pugtalandyrmagyň netijeli guralyna öwrülendigini belledi.

 

BMG-niň Belarusdaky ýörite utgaşdyryjysy Rasul Bagirow Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde özboluşly ähmiýetine ünsi çekdi.

 

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary N.Seýtimow bolsa Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň Sebitde durnuklylygy we integrasiýa proseslerini berkitmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

 

Maslahatyň çäklerinde türkmen dilinde aýdymlar, wideoşekiller hem-de surat sergisi görkezildi.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok