Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň wekili Ýokary bilim hünärlerini ykrar etmek boýunça Lissabon konwensiýasynyň komitetiniň 10-njy sessiýasyna gatnaşýar. Çäre 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Pariždäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň we Ýewropa Geňeşiniň howandarlygynda geçirilýär.
Lissabon konwensiýasynyň komiteti gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda diplomlaryň, ylmy derejeleriň we okuw döwürleriniň adalatly hem-de aýdyň ykrar edilmegini üpjün edýän esasy edara bolup durýar. 1997-nji ýylda kabul edilen Konwensiýa talyplaryň we uçurymlaryň akademiki hem-de zähmet mobilligini ýeňilleşdirmek üçin Ýewropa sebitinde esasy hukuk guraly bolup hyzmat edýär.
Häzirki sessiýanyň gün tertibinde birnäçe möhüm mesele durýar. Wekiller transmilli bilimi bermekde wyždanly tejribäniň gaýtadan seredilen Kodeksiniň kabul edilmegini ara alyp maslahatlaşýarlar. Hünärleri ykrar etmek prosesini awtomatlaşdyrmak we resminamalaryň hakykydygyny barlamak üçin emeli aňy ulanmagyň mümkinçiliklerine hem-de töwekgelçiliklerine aýratyn üns berilýär.
Komitet şeýle hem 2025-2028-nji ýyllar üçin täze iş meýilnamasyny tassyklaýar, Bosgunlar üçin hünärleriň Ýewropa pasportynyň ulanylyşy baradaky hasabata seredýär we Komitetiň ýolbaşçy edarasy bolan Býuronyň täze agzalarynyň saýlawlaryny geçirýär.






