Screen not supported


Oýun sanawy

Ýaş futbolçylaryň arasynda “Zehinler Ligasy” ýaryşy ilkinji gezek Türkmenistanda geçiriler

Ýaş futbolçylaryň arasynda “Zehinler Ligasy” ýaryşy ilkinji gezek Türkmenistanda geçiriler

44.588k
14 Few. 12:38

15-nji fewralda Türkmenistanda “Zehinler Ligasy” atly täze futbol ýaryşy başlar. 2009-2010-njy ýyllarda doglan futbolçylar bu ýaryşa gatnaşarlar.

Ýaryş Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan gurnalýar. Bäsleşikde birnäçe aýyň dowamynda çempionlyk ugrunda bäsleşjek 17 topar çykyş eder. Ýaryş noýabr aýyna çenli dowam eder. Geçiriljek ýeri – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty.

“Zehin ligasynyň” geçirilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda futbolynyň ösüşinde möhüm ädim bolar. Bu ýaryş ýaş futbolçylara özlerini görkezmäge, oýun tejribesini toplamaga we hünär karýerasyna ädim ätmäge mümkinçilik berer.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok