Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy topary Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Aziýanyň Agyr Atletika Federasiýasynyň (AWF) habar bermegine görä, türkmen türgenleri eýýäm alty medala – bir kümüş we bäş bürünç medala mynasyp boldular.
71 kilogram agram derejesinde çykyş eden Kakamyrat Annamyradow iň gowy netije görkezdi. Ol silterlemekde 128 kilogram agramy göterip kiçi bürünç medal gazandy, itmekde bolsa 160 kilogramlyk netije bilen ýene bir kiçi bürünç medala eýe boldy. Iki görnüşiň jemi boýunça Annamyradow 288 kilogram göterip kümüş medal bilen sylaglanyldy.
Gyzlaryň arasynda 53 kilogram agram derejesinde Ogulşat Amanowa üstünlikli çykyş etdi. Ol silterlemekde 78 kilogram, itmekde bolsa 96 kilogram göterip iki sany kiçi bürünç medala eýe boldy. Iki görnüşiň jemi boýunça 174 kilogramlyk netije görkezmek bilen Amanowa türkmen ýygyndysyna uly bürünç medal getirdi.
Astanada ýaryşlar dowam edýär, türkmen agyr atletikaçylarynyň medallaryň sanyny artdyrmak üçin mümkinçilikleri bar.
Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatyna 25 döwletden - Hytaýdan, Ýaponiýadan, Katardan, Günorta Koreýadan we beýleki ýurtlardan türgenler gatnaşýarlar.