Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanda sanly bilim we EA boýunça halkara forum geçiriler

Türkmenistanda sanly bilim we EA boýunça halkara forum geçiriler

1.854k
26 Iýul. 08:53

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 25-nji iýulda wise-premýer Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowa şu ýylyň awgust aýynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly bilim we emeli aň meselelerine bagyşlanan halkara maslahatyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

 

Halkara maslahaty 5 ugur boýunça utgaşykly görnüşde halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär.

 

Awgust aýynda geçiriljek forumdan başga-da, daşary işler ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde geçiriljek ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklibi hödürledi.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok