Italiýanyň paýtagty Rimde Türkmenistanyň taryhy açyşlaryna bagyşlanan giň gerimli arheologik sergi geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Bahar Seýidowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.
Rimde geçiriljek sergi “Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar” ady bilen geçiriler. Bu serginiň geçirilmegi baradaky başlangyç Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa – Italiýa» ilkinji sammitiniň çäklerinde öňe sürlen teklibi bilen baglanyşyklydyr.
Sergä taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işlerinde tapylan arheologik tapyndylar ulanylýar. Bu tapyndylar doly öwrenilenden soň döwlet muzeýleriniň gaznalaryna tabşyrylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow muzeýleriň türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny we medeniýetini dünýäde wagyz etmekdäki ähmiýetine aýratyn üns çekdi. Wise-premýere medeni mirasy ýüze çykarmak, milli gymmatlyklary ylmy esasda öwrenmek we geljekki nesiller üçin saklamak boýunça işleri dowam etdirmek tabşyryldy.