Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan Wena Bütindünýä festiwalynda ikinji gezek altyn medal gazandy

Türkmenistan Wena Bütindünýä festiwalynda ikinji gezek altyn medal gazandy

1.511k
28 Iýul. 07:08

Dirižor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýaşlar kamera orkestri Wenada geçirilen orkestrleriň Bütindünýä festiwalynda baş baýrak – altyn baýrak gazanyp, geçen ýylky üstünliklerini gaýtalady we ýurduň halkara saz sahnasyndaky ornuny has-da berkidip goýdy.

 

Türkmen topary «Kamera orkestri» ugry boýunça iň ýokary baýraga mynasyp boldy, şeýle hem «Klas­siki saz sungatynyň iň gowy ýerine ýetirilişine» aýratyn baha berildi. Dirižor Resul Gylyjow festiwalyň «Iň gowy dirižory» diýen şahsy baýraga mynasyp boldy.

 

Bäsleşigiň maksatnamasynyň çäklerinde orkestr çylşyrymly repertuary ýerine ýetirdi. Olar Ýewropa klassiki sungatyna çuňňur düşünýändiklerini görkezmegi başardylar, dutaryň owazynyň partituralaryny goşmak bilen milliligi üstünlikli açyp görkezdiler. Hut medeniýetleriň sazlaşykly utgaşmasy hem Wenanyň tomaşaçylarynyň we hünärmenleriniň aýratyn ünsüni özüne çekdi.

 

Festiwalyň döredijilik komitetiniň Prezidenti, Beýik Britaniýaly dirižor professor Tobi Pýorser orkestriň çykyşyna ýokary baha berdi, topary mynasyp ýeňşi bilen gutlady we bilelikde hyzmatdaşlyk etmeklige, şol sanda konsertleri guramaklyga, gyzyklanma bildirdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok