Screen not supported


Oýun sanawy

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy Türkmenistanyň çagalaryň irki ösüşi boýunça täze strategiýasyny taýýarlady

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy Türkmenistanyň çagalaryň irki ösüşi boýunça täze strategiýasyny taýýarlady

1.940k
23 Iýul. 09:25

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) ýurdumyzdaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň çagalaryň irki ösüşi boýunça Milli strategiýasyny taýýarlady. Bu iş 13–17-nji iýul aralygynda geçirilen halkara bilermen Kristian Morazbitonyň saparynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Kristian Morazbito Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde çagalaryň irki ösüşi boýunça toplumlaýyn inklýuziw çemeleşmäni ilerletmek boýunça hyzmatdaşlyk etdi. Bilermen Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky 138-nji çagalar bagynyň binýadyndaky Çagalaryň irki ösüşi boýunça merkezine, şäheriň saglyk merkezleriniň biriniň ýanyndaky şeýle merkeze baryp gördi we jemgyýetçilik iş boýunça hünärmenler bilen duşuşdy.

15-nji iýulda Aşgabadyň BMG binasynda irki ösüş ulgamyna degişli ähli esasy ministrlikleriň we edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda seminar geçirildi. Maslahaty açmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna çaganyň irki ösüşine maýa goýmagyň möhümdigini nygtady.

"Çagalaryň irki ösüşine goýulýan maýa goýumlar — adam kapitalyny kemala getirmekde iň täsirli strategiýalaryň biridir. Hil taýdan ýokary irki ösüş maksatnamalaryna goýlan her bir dollar saglygy goraýyşda, bilimde we ykdysadyýetde ösüşler arkaly 13 dollara çenli girdeji getirip bilýändigi subut edildi" diýip, UNICEF-iň wekili aýtdy.

Okuw sapagyň dowamynda Kristian Morazbito çagalaryň irki ösüşi boýunça global faktlary, öňdebaryjy tejribeleri we pudagara maksatnamalardan esasy çözgütler bilen tanyşdyrdy. Ol Türkmenistanyň alyp barýan tagallalaryna ýokary baha berdi hem-de hökümet derejesindäki utgaşykly hereketler üçin dürli ministrlikleriň we edaralaryň wekillerini birleşdirýän iş toparlarynyň döredilmegini ýurduň inklýuziw çemeleşmesiniň görkezijisi hökmünde belledi.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok