Screen not supported


Oýun sanawy

Aşgabat bilen Yslamabat maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegni ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabat bilen Yslamabat maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegni ara alyp maslahatlaşdylar

765
13 Awgust. 11:33

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow 11-nji awgustda Päkistanyň Federal Maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy. Taraplar maliýe we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.

Söhbetdeşler türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini nygtap, özara bähbitli taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Olar TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, özara maýa goýumlary höweslendirmäge we işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Möwlamow bilen Aurangzeb özara netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň durmuş-ykdysady ösüşe we Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtadylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy