Screen not supported


Oýun sanawy

Atom energiýasy boýunça halkara agentligi Awazada geçiriljek BMG-niň konferensiýasyna ýokary derejeli wekiliýeti iberer

Atom energiýasy boýunça halkara agentligi Awazada geçiriljek BMG-niň konferensiýasyna ýokary derejeli wekiliýeti iberer

2.142k
23 Iýul. 12:13

Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) Türkmenistanyň "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna ýokary derejede gatnaşmagy meýilleşdirýär.

 

Bu barada MAGATE-niň Baş direktory Rafael Grossi Türkmenistanyň agentligiň ýanyndaky Hemişelik wekili hem-de ýurdumyzyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amanazarow bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. MAGATE-niň ýolbaşçysy bu konferensiýanyň işine uly gyzyklanma bildirýändigini we ýokary derejeli wekiliýet ibermäge taýýardygyny tassyklady.

 

Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony giňeltmek boýunça meýilleşdirilýän ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda 2025–2029-njy ýyllar üçin ýurt boýunça täze Çarçuwaly meýilnamanyň işlenip düzülmegine seretdiler. Türkmenistanyň MAGATE-niň ýeňillikler we elýeterlikler baradaky Ylalaşygyna goşulmaga bolan islegi, şeýle hem 2025-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek MAGATE-niň 69-njy Baş konferensiýasyna gatnaşmak boýunça taýýarlyk aýratyn üns merkezinde boldy.

 

Ilçi Amanazarow halkara guramalarynyň işjeň goldawynyň hem-de halkara gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi we bu gatnaşyklaryň Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriljek LLDC3 halkara forumynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine goşant goşýandygyny aýtdy.

 

Şol günüň türkmen diplomaty Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň döwlet sekretary Zepp Şellhorn bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda konferensiýanyň öňüsyrasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok