Screen not supported


Oýun sanawy

Gurban Berdiýew «Turan» toparynyň futbolçysyny zenany birahat edeni üçin toparyň agzalygyndan mahrum etdi

Gurban Berdiýew «Turan» toparynyň futbolçysyny zenany birahat edeni üçin toparyň agzalygyndan mahrum etdi

28.706k
08 Few. 08:47

Azerbaýjanyň «Turan» klubunyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew futbolçy Nahid Aliýewi zenan birahat edeni üçin topar bilen işleşmekden çetleşdirdi diýip, Sportbox.ru habar berýär.

«Turan» toparynyň ýaş oýunçysy Nahid Aliýew Bakudaky myhmanhanalaryň birinde topar bilen bilelikde ýaşan wagty, bir daşary ýurtly zenan bilen tanyşmaga synanyşdy. Zenan oňa jogap bermedi, emma 18 ýaşly futbolçy ony yzarlamagyny dowam etdi. Şondan soň gyz myhmanhananyň howpsuzlyk gullugyna ýüz tutdy. Netijede, klubuň wekilleri hadysany çözmek üçin gelip, ýagdaýy düzgünleşdirdi.

Berdiýew bu waka dogumlylyk bilen seslendi: ol Aliýewi diňe bir esasy düzümlerden çykarmak bilen çäklenmän, ony ätiýaçlyk topary bilen hem türgenleşmekden mahrum etdi.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok