Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmen ilçisi Belgiýada hytaý talyplary bilen duşuşdy

Türkmen ilçisi Belgiýada hytaý talyplary bilen duşuşdy

1.843k
12 Awgust. 09:08

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynyň wekilleri tomusky bilim maksatnamasynyň çäginde Brýussel şäherine gelen Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary bilen duşuşdy. Delegasiýanyň düzümine Hytaýyň 9 welaýatyndan 27 adam Pekiniň ulag uniwersitetiniň, Syçuan daşary ýurt dilleri uniwersiteti we ş.m ýaly abraýly ýokary okuw mekdepleriň talyplary girdi.

 

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly iliçisi we Ýewropa Bileleşigindäki wekili Sapar Palwanow myhmanlary mähirli garşylap, hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, parahatçylygy döredijilik başlangyçlary, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaýyň arasyndaky ulag diplomatiýasynyň we hyzmatdaşlygyň ösmeginde Türkmenistanyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

 

Beýik küpek ýolunyň taryhy mirasyna, türkmen şäherleriniň gadymy kerwen ýollarynyň esasy merkezi hökmünde ähmiýetine aýratyn üns berildi. Myhmanlara milliligimizi alamatlandyrýan şaý-sepler, lybaslar görkezildi. Myhmanlara türkmen tahýasy hem gowşuryldy.