Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlarynyň Üçünji Oýunlaryna gatnaşjakdygyny tassyklady. Ýurdumyza bu halkara sport çäresinde 170 türgen wekilçilik eder.
Şeýlelikde, bu oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň umumy sany sekize ýetdi. Azerbaýjanyň kabul edýän ýurt hökmünde gatnaşmagy bilen birlikde, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Özbegistan we Täjigistan hem Oýunlara gatnaşjakdyklaryny mälim etdiler. Häzirki wagta çenli bu çärä 1800-den gowrak türgen we 2600-den köp resmi wekiliýet agzalary hasaba durdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlarynyň Üçünji Oýunlary Azerbaýjanyň ýedi - Gänjä, Ýewlah, Mingaçewir, Gabala, Şeki, Goýgöl we Hankendi ýaly şäherlerinde geçiriler. Bu oýunlar dostlugy pugtalandyrmaga, ýaşlar sportyny ösdürmäge we döwletara hyzmatdaşlyga itergi bermäge gönükdirilendir.


