Screen not supported


Oýun sanawy

Aşgabatda 100-nji we 45-nji awtobuslaryň ugurlary wagtlaýyn üýtgedildi

Aşgabatda 100-nji we 45-nji awtobuslaryň ugurlary wagtlaýyn üýtgedildi

591
31 Iýul. 18:34

Aşgabatdaky Ýolagçy awtoulag kärhanasy Köpetdag şaýolynda geçirilýän abatlaýyş işleri sebäpli, 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap «Teke bazar» duralgasyndan Arkadag şäherine gatnaýan 100-nji we «Teke bazar – Gökdere» ugry boýunça hereket edýän 45-nji awtobuslaryň hereket ugrunyň wagtlaýyn üýtgedilýändigini habar berýär.

Täze wagtlaýyn ugur boýunça awtobuslar Görogly köçesi bilen hereket edip, Abadan Jülge şaýoluna sowularlar.

Soňra Abadan şaýoly bilen günbatara, yzyndan bolsa Gurbansoltan eje şaýoly arkaly günorta tarapa, Gökdere şaýoluna çenli hereketlerini dowam ederler. Ugurlaryň soňky nokatlary Arkadag şäherindäki «Akhan» aýlawly çatrygy we Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleri bolar.

Awtobuslar yzyna Görogly köçesine çenli şol bir üýtgedilen ugur boýunça gaýdarlar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok