Screen not supported


Oýun sanawy

Stambulda geçirilen sergide daşary ýurt kompaniýalary türkmen önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler

Stambulda geçirilen sergide daşary ýurt kompaniýalary türkmen önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler

1.979k
04 Iýul. 06:31

Stambul şäherinde açylan Türkmenistanyň eksport harytlarynyň halkara sergisiniň ikinji güni ýokary guramaçylyk derejesinde dowam etdi.

Serginiň çäklerinde türk işewür toparlarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň we ýerli myhmanlaryň gatnaşmagynda dürli duşuşyklar we iş gepleşikleri geçirildi. Myhmanlar türkmen öndürijileri tarapyndan hödürlenen ýokary hilli önümler bilen tanyş boldular.

Hususan-da, ýurdumyzyň dürli pudaklaryna degişli önümler görkezildi: dokma we ýeňil senagat, azyk önümleri, gurluşyk materiallary, himiýa senagaty, halyçylyk we eksport mümkinçilikli beýleki ugurlar. Bu önümler sergä gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy.

Türkmenistanyň eksport harytlarynyň halkara sergisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Onuň maksady – iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we türkmen harytlarynyň halkara bazaryndaky ornuna giňişleýin düşünmäni döretmekdir.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok