Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Onaldy geňeşliginiň çäginde gurlup başlanan täze ýaşaýyş toplumy boýunça işler tamamlanyp barýar. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Bu giň gerimli gurluşyk işleriniň netijesinde 400 ýaşaýyş jaýy, 640 okuwçy orunlyk orta mekdep, 320 çaga niýetlenen çagalar bagy, lukmançylyk merkezi, söwda merkezi hem-de geňeşligiň edara binasy döredilýär.
Täze ýaşaýyş toplumy Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp ulanylmaga berler we etrap ýaşaýjylary üçin şanly senäniň mynasybetli uly sowgat bolar.



