Türkmenistanyň sürüjileri taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Balkanabat we Daşoguz şäherlerinde täze awtoulag mekdepleri açyldy. Bu desgalaryň açylmagy sürüjileriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu barada Türkmenistanyň sebitleýin gazetleri habar berýärler.
Balkanabatdaky okuw merkezi Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Demirbetonönümleri” Aşgabat kärhanasy tarapyndan bäş gektardan gowrak meýdanda bina edildi. Merkeziň düzüminde on sany kompýuter we multimediýa enjamy bilen üpjün edilen okuw otagy, awtoulaglary uzak aralykdan dolandyrmak üçin ýöriteleşdirilen otaglar, şeýle hem hemra arkaly hereket edýän döwrebap gözegçilik ulgamy bar. GPS enjamlarynyň kömegi bilen kursantlaryň hereketleri hakyky wagt düzgüninde yzarlanýar we okuw statistikasy ýöredilýär.
Okuw otaglary we iş otaglary döwrebap mebel, aragatnaşyk we tälimçi işgärler üçin zerur bolan ähli serişdeler bilen üpjün edilendir.
Dabaranyň dowamynda tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy, şeýle hem “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Awtoulag mekdepler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň awtoparky täze awtoulaglar bilen üpjün edildi.
Daşoguzdaky täze okuw merkezi Oguzhan şaýolunyň ugrunda ýerleşýär. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen we özüniň türgenleşik meýdançasy bolan bu toplum ähli derejedäki sürüjileri taýýarlamak üçin niýetlenendir.
Mundan ozal Lebap we Mary welaýatlarynda täze awtodromlaryň dabaraly açylyşy boldy.



