Screen not supported


Oýun sanawy

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça maslahaty: Öwrülişige we durnukly ösüşe tarap ýol

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça maslahaty: Öwrülişige we durnukly ösüşe tarap ýol

886
23 Iýul. 07:52

2025-nji ýylyň awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahaty geçiriler. Bu çäre geografik ýerleşişi sebäpli özboluşly ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän 32 ýurt üçin örän möhüm ähmiýete eýedir. Maslahatyň maksady — bu ýurtlaryň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmegini üpjün etjek onýyllyk üçin Hereketleriň täze Maksatnamasyny işläp taýýarlamakdyr.

«Deňze çykalganyň ýoklugy ulag çykdajylarynyň ýokary bolmagyna (ortaça kenarýaka ýurtlardan iki esse ýokary), üstaşyr ýurtlara garaşlylyga (infrastrukturasy, syýasaty, durnuklylygy bilen) hem-de dünýä bazarlaryna çäklendirilen elýeterlilige sebäp bolýar. Bu ýagdaý ýurtlaryň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny peseldýär we daşarky sarsgynlara duýgurlygyny artdyrýar. Maslahatyň bu meselelere toplumlaýyn çemeleşmegi ileri tutmagy zerurdyr,» — diýip, Türkmenistanyň S.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň mugallymy Arazgeldi Mollaýew aýtdy.

2014-nji ýylda kabul edilen Wenna maksatnamasynyň ornuna geçjek täze maksatnama aşakdaky ugurlara gönükdiriler: söwda möçberini artdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak — 570 million adam üçin garyplygy azaltmak.

Maslahat şeýle hem Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahaty bilen üstaşyr ýurtlaryň, halkara guramalarynyň we hususy pudagyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, öňdebaryjy tejribe bilen alyşmak we innowasion çözgütleri (netijeli ulag geçelgeleri, sanly tehnologiýalar, "akylly" logistika) gözlemek, infrastrukturanyň ösüşini üpjün etmek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin serişdeleri jemlemek üçin meýdança bolar.

«Iň geljegi uly ugurlaryň biri – geçelge proseduralaryny sanlylaşdyrmak we elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmakdyr. Bu harytlaryň serhetden geçiş wagtyny we çykdajylaryny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem sebitdäki logistika merkezleriniň döredilmegine we multimodal ulag ulgamynyň ösdürilmegine goldaw bermek örän möhümdir,» — diýip, Arazgeldi Mollaýew belledi.

Awazada geçiriljek maslahat — Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarynyň ösüş strategiýasyny kesgitlemek, päsgelçilikleri ýeňip geçmek we olary dünýä ykdysadyýetine goşmak arkaly durnukly ösüşe ýetmegiň ýolundaky möhüm waka bolar.